2
Yorum
0
Beğeni
0,0
Puan
1856
Okunma
Söỳginiń manysyna ỳetip bilemok
Söỳgi ejir berỳär gynaỳar meni
Haỳsysyn söỳmeli onam bilemok
Söỳmäge köp zat bar çagyrỳar meni
Hak Alla bolan söỳgim bar meniń
Ata – enä söỳgim ummandyr meniń
Söỳgülim diỳmäge ỳarym bar meniń
Tebigatam çekỳär söỳ diỳỳär meni
Aỳ garaz söỳmäge jyns bary doly
Söỳmeli baryny söỳmeli doly
Ýöne söỳmeli däl zatlaram doly
Zyna, kumar, içgi keỳplerem doly
Azym şükür et sen Biribaryńa
Hormatyń ỳitirme Ata – enäńe
Söỳen ỳaryń çalyşma sen özgäge
Başararsyń söỳülmäge söỳmäge.