2
Yorum
0
Beğeni
5,0
Puan
1419
Okunma
Meń söỳgimi duỳmadyń ỳel bolup gitdi
Hatda görmediń sen ony dag bolup galdy
Seniń mańa bolan söỳgiň suw bolup akdy
Meń ỳüregim sende daş bolup galdy
Göresim gelỳär seni gözlem ỳoluńda
Garaşỳaryn diỳen sözüń meniń dilimde
Kä wagt görỳärin ol hem ukuda
Seń ỳoluńda gözlerim ỳaş bolup galdy
Allam ỳaradypdyr goỳman kemińi
Görmändim men ozal sen dek gözeli
Ajaỳyp ỳöreỳşiń söỳỳär özüni
Şol basan ädimiń hat bolup galdy
Azym söỳdümi ol gözel seni ?
Bilỳärin ol diỳdi söỳme sen meni
Ýok dostum galdyrma sen ondan yzy
Çünki seń ỳüregiń ol ỳarda galdy.
5.0
100% (1)